Ussatlyk ýoly

19 Fewral 2021
839

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda muzeýiň sergiler zalynda tanymal nakgaş Rahmangeldi Akmämmedowyň dürli ýyllarda döreden sungat eserlerinden ybarat «Halypalyk ýoly — ussatlyk ýoly» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Rahmangeldi Akmämmedow — türkmen nakgaşçylyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat suratkeş. Muny sergidäki eserler hem subut edýär. Olar ynsany türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine syýahata alyp gidýär.

— Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Rahmangeldi Akmämmedowyň eserlerinde türkmeniň myhmansöýerlik däpleri, tebigatymyzyň gözel keşbi sazlaşykly suratlandyrylýar. Obada önüp-ösensoň, oba durmuşy bilen bagly eserler hem halypa nakgaşyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýleki nakgaşlarda bolşy ýaly, Rahmangeldi aganyň döredijiligi hem köptaraply. Onuň döredijiliginde ýaşaýyş-durmuşymyzdaky pursatlara bagyşlap döredilen peýzaž, portret eserleri näçe diýseň bar. Men Rahmangeldi aga «Halypa» diýip ýüzlenýärin. Sebäbi ol maňa sungatyň inçe syrlaryny öwretdi. Onuň eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir — diýip, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.