Mozaika — birleşen gözellik

18 Fewral 2021
916

Mozaika diýlip birmeňzeş ýa-da dürli reňkli, aňyrsy görünmeýän aýnadan, smaltadan (çüýşe) ýa-da daşdan emele getirilip, monumental (uly göwrümli) sungatyň bir görnüşi bolan şekillere ýa-da nagyşlara aýdylýar. Mozaika sungaty binagärlikde gadymyýetden bäri ulanylyp gelnipdir. Asyrlaryň dowamynda dürli halklar onuň ösmegine, özgermegine, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna öz goşandyny goşupdyrlar. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp sungatyň birnäçe görnüşleri emele gelipdir. Ine, olaryň käbirleri:

Aleksandr mozaikasy. Bu miladydan öňki ikinji asyrda döredilip, Aleksandr Makedonskiý bilen baglanyşykly ellinler döwrüniň mozaikasynyň şertli atlandyrylyşydyr. Bu sungat eseri häzirki wagtda Neapol şäherinde saklanylyp, ak, sary, gyzyl we goňur reňklerde ýerine ýetirilipdir.

Dünýä GULJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.