18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

17 Fewral 2021
879

HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen «Türkmenistanyň Daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama laýyklykda, Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär we halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan dartgynly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Handurdy TURAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy.