«Açyk gapylar» syýasaty dabaralanýar

17 Fewral 2021
895

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Milli Liderimiziň ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny örän uludyr.

Gahryman Arkadagymyz türkmen diplomatiýasynyň özboluşly taryhy sahypasyny döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky» taryhy Permana gol çekmegi doly äşgär edýär. Bu çözgütden soňra her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Bu bolsa halkara giňişliginde ata Watanymyzyň adyndan wekilçilik edýän diplomatlarymyza goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.