Gadymy medeniýetiň Diýary

17 Fewral 2021
850

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Türkmenistan işjeň «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda hyzmatdaşlygy dowam etdirip, BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän hyzmatdaşlygyň esasynda hil taýdan täze derejä çykdy. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýäniň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanda işleýän iri abraýly guramalar: ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO bilen bilelikde iş alnyp barylýar. ÝUNESKO BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň esasy wezipeleri bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmekden, kanunçylygy we adalatlylygy berjaý etmekden, milletleriň dillerine we dinlerine garamazdan, BMG-niň düzgünnamasynda yglan edilen adamyň hukugyna we azatlygyna hormat goýmakdan ybaratdyr.

ÝUNESKO guramasy 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilýär, onuň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. ÝUNESKO öz işini bilim, tebigy bilimler, sosial we ynsanperwer ylymlary, medeniýet, kommunikasiýa we maglumatlar ulgamlary boýunça alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar, medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerinde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hem-de onuň Mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça çäreler meýilnamalaşdyryldy. ÝUNESKO bilen bilimleri çuňlaşdyrmak we tehnologiýalar babatynda tejribe alyşmak hem-de mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak babatda işler alnyp barylýar. Bu hem okatmagyň, işgärleri taýýarlamagyň we ylmy barlaglaryň hiline güýçli täsir edýär. Häzirki wagtda umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi. Şonuň bilen birlikde, bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna «Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini» girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy. Häzirki wagtda bu sanawa «Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini» girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.