Türkmenistanyň Prezidenti ynanç hatyny kabul etdi

17 Fewral 2021
848

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.