Garagumda doglanlar...

17 Fewral 2021
817

Mähriban Arkadagymyzyň geçen ýylda baharyň ilkinji günlerinde, ýagny guşlaryň saýrap başlap, ösümlikleriň gülleýän döwründe Garagum sährasynda bolup, onda ösýän ýüzlerçe görnüşli ösümlikdir otlardan we olaryň peýdaly taraplaryndan söz açmagy, olar barada gyzykly maglumatlary bermegi ýüregimizde ýakymly täsir bolup galdy. Ol ajaýyp görnüş şu güne çenli hyýalyňda bereketli Garagum sährasyna syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Ösümlikler dünýäsine baý Garagum bolsa gözelliklere-de diýseň baý.

«Garagumda doglanlar sähra ýaly giň bolýar» diýen söze okan çeper eserlerimde kän duşupdym. Onuň bir ujunyň özüme-de degişli bolaýmalydygy hakynda, dogrusy, oýlanmandyrynam. Dogrudan-da, şeýlemikä?! Bu sowalyma jogap tapmadyk wagtym, öz-özümden uýalyp gidýärin. Öz-özüme nesihat berip, «Eger şeýle dälem bolsa, Hydyr gören Garagumuň hatyrasyna sähranyň özi ýaly giň bolmaga çalyşmaly!» diýýärin. Sebäbi biziň başymyzy Garagumuň mahmal şemallary sypady. Garagumuň üstünden düşýän Gün şöhlesi çoýdy. Şonuň ýaly-da, Garagumuň giň ýaýlalarynda agyp-dönüp ýören goýun-guzularyň, düýeleriň sesini eşidip ulaldyk. Aňňat-aňňat gum depeleriniň üstüni, ak çägäni jana derman saýdyk...

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».