Döwrümiziň ýaşajyk waspçylary

15 Fewral 2021
1675

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň arasynda sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirligine degişli çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylary öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk we külalçylyk ugurlary boýunça alnyp baryldy. Hödürlenen işler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirilip, her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlendi.

Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».