Ýaş dessançy bagşy (Siziň deň-duşuňyz)

15 Fewral 2021
1142

Demirgazyk welaýatymyzda bagşyçylyk sungatynyň dessançylyk ýolunda özleriniň zehini, şirin owazlary bilen halk içinde adygyp ýören bagşylar sanardan köp. Aýdym-sazyň piri hasaplanylýan Aşyk Aýdyň Piriň ak patasyny alan dessançy bagşylar bu toprakda şägirt yzyna şägirt ýetişdirip, bagşyçylyk sungatyny dowam etdirip gelýärler.

Golaýda galamdaş dostumyzyň öýüne myhmançylyga ugradyk. Ulagdan düşenimizem şoldy welin, ýanýodadan gidip barýan bir ýigdekçe bize edep bilen salam berdi. Başynda silkme telpegi, egninde gyrmyzy dony, gazma dutaram arkasynda... howlukmaç gidip barýar. Onýança öý eýesi (ýagny dostumyz) ýanymyza geldi-de, öýe girmegimizi mürähet etdi. Üç dost bolup saçak başyna jemlendik. Döredijilik barada biraz gümür-ýamyr etdik. Gürrüňimiziň arasynda şol oglanjyk barada öý eýesinden soradyk. Görüp otursak, ol goňşusy eken. Öý eýesi agşamlyk şol oglanjygy çagyryp, «gulagymyzyň posuny açjakdygynam» ýanjady. Gün ýaşar uçurlary oglanjyk ýanymyza geldi. Gabyndan dutaryny çykaragetdin, «Şasenem-Garyp» dessanyny birkemsiz gürrüň bermäge başlady. Biz hem tutuş göwrämiz bilen gulaga öwrülip, aýdym-sazyň gudratyna maýyl bolupdyrys. Aram-aram ol demini dürsemek üçin birsellem dutaryny gapdalynda goýýardy. Dymyşlykdan peýdalanyp, dessançy bagşy bilen tanyşmaga başladyk...

Begenç ANNAÝEW,
Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.