«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

12 Fewral 2021
1120

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzyň çäginde «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.