Maslahat geçirildi

12 Fewral 2021
860

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Saýlawlar — milli demokratiýanyň kepili» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli işleriň iş meýilnamalary tassyklanyldy, beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Ahmet REJEPOW,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.