Täze saýt ― täze mümkinçilikler

12 Fewral 2021
2194

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly ulgamlardan giňden peýdalanmak baradaky tabşyryklaryna jogap edip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty açyldy. Ol «Baş sahypadan», «Täzelikler», «Fakultetler», «Ylym», «Dalaşgärler üçin», «Biz barada» we «Habarlaşmak» sahypalardan ybarat.

www.tdmugi.edu.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtyň «Baş sahypasyny» institutyň resmi nyşany we surat galereýasy bezeýär. Şeýle hem bu ýerde beýleki sahypalaryň gysgaça görnüşleri ýerleşdirilipdir. «Baş sahypanyň» aşaky bölümleriniň birinde institut barada umumy maglumatlar bar. Bu maglumatlarda onuň fakultetleriniň, hünärleriniň, mugallymlarynyň we talyplarynyň umumy sany görkezilýär.

Agamyrat ALLABERENOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.