Ylym — ösüşleriň gözbaşy

11 Fewral 2021
1909

Berkarar Watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüş-özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň edýän taýsyz tagallalaryndan, kabul edýän milli we döwlet maksatnamalaryndan gözbaş alýar. Bu gün ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler has-da guwandyryjydyr.

Ýurdumyzy ählitaraplaýyn gülledip ösdürmekde ylma aýratyn uly bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Sazlaşykly ösýän Bitarap Türkmenistan dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalarydyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylmyň ähmiýeti uludyr» diýip bellemek bilen, ylmyň ösüşine ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Türkmen ylmynyň maksatnamalaýyn esasda ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryň ähmiýeti aýratyn uludyr. Geçen ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň özi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Heştek MEREDOW,
Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň Umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 3-nji derejeli ýurist.