Syry köpdür Köýtendagyň...

7 Fewral 2021
1212

Güneşli Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen duýmak gerek. Diňe şonda bu gözellige hakyky baha berip we oňa akyl ýetirip bolýar. Ýurdumyzda olary goramak we iliň hyzmatyna bermek boýunça ýörite goraghanalaryň birnäçesi bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi.

Bu goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Lebap welaýatynyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy, mirasgär.