Ylmy gözleglere ugrukdyrylýar

5 Fewral 2021
1892

Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym, bilim edaralarynda okamaklary, saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýaňy-ýakynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da giň gerim almagynda wajyp ädim bolup durýar. Çünki jemgyýetiň ösüşi, onuň aýdyň geljegi ýaş nesliň kämil aň-düşünjeli, bilimli-terbiýeli bolmagyna baglydyr.

Gülharman JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.