Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar

2 Fewral 2021
965

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy ugry bolup durýar.

Munuň şeýledigine ýakynda, has dogrusy geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi hem aýdyň mysal bolup biler. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen, hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda bolsa “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

Ogulbike BUGRAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.