Ylym — ygtybarly ösüşiň aýdyň ýoly

2 Fewral 2021
1822

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.

Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, sanlyja ýylyň içinde döredilen ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Sapardurdy ALTYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.