Gözellige baý jülge

1 Fewral 2021
1552

Sumbar jülgesiniň täsin tebigaty bar. Sumbar derýasynyň iki kenaryndaky Ýollydere, Aýdere, Pordere ýaly dereleriň gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ýere gelen adamlaryň kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar.

Özüniň gözbaşyny Daýna obasynyň gündogaryndan alyp gaýdýan Sumbar derýasy şu günler joşup akýar. Bu görnüşe babadaýhanyň göwün guşy al-asmana göterilýär. Çünki derýa bol suwly bolsa, daýhanyň hasylynyň oňat, saçagynyň bereketli boljakdygynyň kepilidir.

Arnepes ARNEPESOW,
Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.