Bägül — gülleriň şasy

1 Fewral 2021
3763

Tebigatyň ynsana eçilen gözellikleriniň biri-de güllerdir. Öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Gelin-gyzlarymyzyň elinden çykýan nepis türkmen halylarynyň nagyşlarynda hem gülleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Sebäbi gül diýmek — tebigat diýmek.

Meşhur fransuz zenany Gabriel Bonýor Şanel ömrüniň 87 ýylyny zenanlaryň döwrebap egin-eşiklerine we gaýtalanmajak meşhur atyrlaryny ýasamaga bagyş edipdir. Koko Şanel öz atyrlarynyň köp görnüşlerini bägül güllerinden peýdalanyp ýasapdyr. Ony iň bir gyzyklandyran gülleriň biri-de kamelýa bägüli bolupdyr. Ol bu gül bilen Aleksandr Dýumanyň «Kamelýaly zenan» eserini okanyndan soňra içgin gyzyklanyp başlaýar. Kamelýa bägüli fransuzlarda sypaýy adamlaryň esasy güli hasaplanypdyr. Bu gül iki görnüşde, ýagny gyzyl we ak reňkde bolupdyr. Koko diňe ak kamelýany halapdyr. Häzirki wagtda ak kamelýadan boglan gül çemenleri Şaneliň muzeý köşgüni bezeýär. Kamelýa bägüli Şanel üçin gussaly ýatlama güli bolup galýar. Sebäbi Şanel üçin kamelýa güli söýgülisi Artur Keýpel tarapyndan berlen ilkinji we iň soňky sowgatdyr. Ysynyň ýoklugy üçin Şanel atyrlarynda kamelýany peýdalanyp bilmändir. Şonuň üçin tikýän köýneklerini kamelýa gülüniň nusgasyndaky ilikler bilen bezäpdir. Kokonyň durmuşynda bu gülüň orny uly bolupdyr.

Bägül KURADOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.