Siziň söýgüli multfilmiňiz «Towuk ylgawy»

1 Fewral 2021
1377

Animasiýa studiýalary tarapyndan çagalara öwüt-ündew berýän ekran eserleri agzybirlik, dostluk, jebislik ýaly mowzuklar esasynda döredilýär. Şeýle ajaýyp multfilmleriň biri-de «Towuk ylgawydyr». Adyndan hem belli bolşy ýaly, multfilmiň esasy gahrymanlary towuklardan ybarat. Bu animasiýa eseri iňlis «Ardman Animations» studiýasy tarapyndan döredilýär. Multfilm studiýanyň iň naýbaşy eserleriniň biridir. Ekran eseriniň şowly çykmagyna amerikan «DreamWorks Animation» we fransuz «Pathe» studiýalary özüniň saldamly goşandyny goşýar. «Towuk ylgawy» multfilmi 2000-nji ýylyň 23-nji iýulynda ABŞ-da ýaýlyma berildi. Wagtyň geçmegi bilen bu multfilm birnäçe dillere, şol sanda türkmen diline terjime edildi. Körpeleriň köňül küýsegine öwrülen «Towuk ylgawy» multfilminiň dowamlylygy 84 minuda barabardyr. Gyzykly multfilm birnäçe halkara abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Bu bolsa ekran eseriniň şowly çykandygyna şaýatlyk edýär.

Mähriban çagalar! Üns beren bolsaňyz, multfilmiň gahrymanlarynyň başdan geçirýän wakalary agzybirligiň gadyr-gymmatyny äşgär edýär. Onda özygtyýarlylyk, erkinlik mowzuklaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Multfilmiň gahrymanlary jebisleşip, maksadaokgunly hereket edip, uzak wagtdan bäri arzuwlan maksadyna ýetýär.