Jümle-jahan habarlary

1 Fewral 2021
1004

LG-den ýene bir smartfon

Günorta Koreýanyň meşhur LG kompaniýasy «CES 2021» tehnologiýa sergisinde «LG Rollable» atly açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Kompaniýa bu smartfony şu ýylyň dowamynda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, smartfonyň ekrany üç derejeli bolup, eplenilende onuň ölçegi 2428x1080 piksele, açylanda bolsa 2428x1600 piksele deň bolar. Şonuň ýaly-da täze önümiň 2428x1366 piksel ölçegli wideo görmek üçin aralyk görnüşi hem bolar. Bu smartfonyň ekrany 6,8 dýuýma (1 dýuým 2,54 santimetr) deň bolup, açyk ýagdaýynda bolsa onuň ululygy 7,4 dýuýma çenli artar. Şeýle hem smartfon kuwwatly batareýa bilen üpjün ediler. LG geljek ýylda bükülýän ekranly smartfony öndürmegi hem maksat edinýär. Kompaniýanyň täze önümleri hünärmenlerde we alyjylarda gyzyklanma döredýär.