Ýurdumyzyň himiýaçy alymlarynyň derman önümçiligine goşandy

30 Ýanwar 2021
1876

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag instituty Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öz işlerini amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyna uly goşant goşýar.

Himiýa instituty ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ilkinji bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Degişlilikde, onuň ähli bölümleri buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni üpjün etmäge geçirildi.

(TDH).