Ýaşlar syýasatynda ýaş alymlaryň orny

29 Ýanwar 2021
2062

Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ylym-bilim edaralarynyň Ýaş alymlar geňeşleriniň ýolbaşçylary, Ylymlar akademiýasynyň halypa alymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasynda hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Ýaş alymlar merkezi we ylym-bilim edaralarynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşleri tarapyndan alnyp barylmaly işler dogrusynda pikir alşyldy. Şu maksat bilen, Ýaş alymlar merkezi tarapyndan ylym we bilim edaralaryndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda ýörite düzgünnamalar esasynda «Ýaş alym», «Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik», «Öňdebaryjy Ýaş alymlar geňeşi» atly bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda, durmuş we ykdysady ugurlaryň ösüşi üçin täze aňyýet goruny döretmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça Gaznasy hakynda» Kararyň kabul edilmeginiň we ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini hem-de onuň üstümizdäki 2021-nji ýyl boýunça tapgyrynyň yglan edilmegi bilen, taýýarlyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellediler.

Göwher GELENOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alym kätibi.