Goja (hekaýa)

28 Ýanwar 2021
1447

Gurban mergen obadan çykanda, şindi jahan ýagtylmaga ýetişmändi. Diňe arka tarapdan, gijäniň etegi az-kem çyzgalyp, bir dilkaw açyk meýdan akjaryp görünýärdi. Mergen tanyş jülge bilen biraz gidensoň, süňňüniň ýeňläp ugranyny duýdy, donuny düzedişdirip, guşagyny dartyşdyrdy. Indi oňa oba sarsgyn berip aňňyrýan eşekleriň sesi, bisaýhal üýrýän itleriň gowurdysy, horazlaryň inçeden ýiti sesleri sähelçe ýaň bolup eşidilýärdi. Soňabaka bu sesler hem gök eşegiň aýaklaryna eýgermedi. Ýezgeniň tanyş ysy burnuna uran mahaly, daş-töwerek görünmese-de, mergen özüniň Ýezgenlä gelip girendigini aňdy. Alagaraňky töweregi synlap, birmeýdan durdy.

Ol sähra mundan birki ýyl öň dolanmakçydy, ony eglän, indi birnäçe ýyl bäri hemişe aňynda gezip ýören, ak köýneklije, başy tahýalyja oglanjyk boldy. Ol mergene hernä şu sypatda, şu geýimde görnerdi. Oglanjyk kämahal uzynly gün ýanyndan aýrylman tirkeşer ýörerdi. Mergen ojagaz oglanyň dünýä inerine köp garaşypdy. Öz pikir edişine görä, oglanjyk ata-baba nesilden-nesle geçip gelýän hyrla hem mirasdüşerlik etmelidi, çerkezli-çetili sährada oýnap ösmelidi. Goja käte özüniň çagalyk oý-pikirlerini ýatlap, oglanjygy hem şol oý-pikirler bilen oýlandyrardy. Şundanam özüçe lezzet alardy. Häzirem ol oglanjygyň: «Biri çölüň aşagynda ot ýakýandyr, şonuň üçinem üsti gyzgyn bolýandyr» diýip, bir mahalky öz pikiri bilen pikirlenýändigine birjik-de şübhe edenokdy.

Agageldi ALLANAZAROW.