Sowuklyk (Oýlanma)

27 Ýanwar 2021
1366

Dekabryň ilkinji hepdesiniň dynç günüdi. «Şu dynç günümi bir adyna mynasyp ýagdaýda geçireýin» diýen tamakinlik bilen säheri garşy aldym. Bolmasa, her dynç güni bir zatjyk tapylyp dur. Daşarda bolsa «hazan ýeli» diýilýäni öwüsýärdi. Sygyrlarymyzyň ot-suwuny, towuklaryň hem höreklik dänesini paýlaşdyrdym. Niýetim: dynç güni ýyly otagda emin-erkin aýagymy uzadyp telewizora tomaşa etmekdi. Ýa bolmasa, gowy görýän eserlerimiň birini okamakdy. Geçen dynç günümi odur-budur elujy kömege çagyryp gelenlere «pida» edipdim. Ertirlik edindim. Şol pursat adymyň tutulýandygyny eşitdim. Içki otagdan daşarky gapa ýöneldim. Gapyny açsam, Söhbet dur.

— Eýgilikmi, dost? Irläpsiň welin...

Begenç ANNAÝEW,
Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.