Watan, seniň gudratyňa döneýin!

27 Ýanwar 2021
922

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen gözel ada eýe bolan ýylymyzda elmydama uly harplar bilen ýazyp, gursagymyzda göterýän Watan sözüniň bolmagy dünýämizde iň bir ýakymly duýgulary oýardy. Şu sözlerem şeýle buýsançly duýgularyň esasynda beýan tapdy.

Hormatly Prezidentimiz: «...Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar...» diýip belleýär. Munda çuň many bar. Çünki haýsydyr bir adam bilen söhbetdeş bolýarkaň, onuň Watan bilen baglanyşykly aýdyp berýän gürrüňleri hoş ýakýar. Hut şol gürrüňlerden hem onuň Watanyna nähili sarpa goýýandygyny, ony nädip ezizleýändigini duýmak bolýar. Ol döredijilik babatda-da şeýle. Watan hakynda ýazýarkaň, ähli ukyp-başarnygyň ýüze çykyp, zehiniň açylyp, ol iň bir ýürekden ýazylan eserleriň biri bolup çykýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».