Sungat äleminde

27 Ýanwar 2021
1068

Bagşyçylyk ýoly dowam edýär

Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, eziz Watanymyzyň, bereketli topragymyzyň, mähriban enelerimiziň waspyny ýetirýän, şeýle-de, halk aýdymlary bilen halkymyzy begendirýän aýdymçy-sazandalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri Rozymyrat Orazowdyr.