Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

25 Ýanwar 2021
2554

Döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň dünýäde ykrar edilen okuw maksatnamalarynyň esasynda okadylmagy, täzeçe we düýpli pikirlenip bilýän ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz okuw işiniň has netijeli bolmagy üçin täze-täze başlangyçlary öňe sürýär. Döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepleriniň sany artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de okuwçylar elektron sözlüklerden we kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan we beýlekilerden peýdalanyp bilýärler. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir okuw sapaklaryny guramakda ygtybarly gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, terbiýeçilik işlerini geçirmäge-de ýardam berýär. Sapakdan daşary tabşyrylýan ýumuşlary özleşdirmek, täze maglumatlar bilen tanyşmak hem-de maglumat alyşmak üçin sanly ulgam örän uly ýeňillikleri döredýär. Bu mümkinçilikler okuwçylaryň dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, okuwçylar internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmeleri bilen tanşyp bilýärler. Bular bolsa olara öz ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Abdyrahym NURBERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.