Türkmen buýanynyň melhemlik gymmaty

25 Ýanwar 2021
2249

Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň bir wagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar» diýip belledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ösýän süýji buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ony täze dörän koronawirus ýokanjyny bejermekde ulanyp boljakdygy barada hem köp maglumatlary getirdi.

Ýaşaýşyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, ösümlikler özüniň ösüp oturan ýerlerinde ähli kesellerden, zyýan ýetirijilerden, ösümligi iýýän haýwanlardan, mör-möjeklerden, beýleki ösümliklerden goranmaly, topragyň, daşky gurşawyň, ekologiýanyň zyýanly täsirlerine uýgunlaşmaly bolýar. Ösümlikleriň uýgunlaşmak mümkinçilikleri nesilden-nesle geçýän mutasiýalaryň, tebigy seçginiň we ewolýusion üýtgeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. Ösümligiň bedeninde döreýän tötänleýin mutasiýalar metabolik hadysalarda täze birleşmeleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Şeýle maddalaryň içinde kesel döredijilere, ot iýýän haýwanlara we beýleki zyýanly ösümliklere garşy zäherlisi bar bolsa, olar ösümlik tarapyndan ýörite genleriň üsti bilen nesle geçirilýär. Şeýlelikde, öz ýaşaýşyna zyýan ýetirijilere garşy iň gowy gorag wezipesini ýerine ýetirmäge ukyply birleşmeleri ýa-da birleşmeleriň toplumyny döredip bilen ösümlikler ewolýusion ösüşde ýaşaýşyny dowam etdirmäge mümkinçilik gazanýarlar. Ösümliklerde şeýle goragy we şol bir wagtyň özünde-de dermanlyk wezipesini olaryň ikilenji metabolitleriniň ýerine ýetirýändigi ylmy taýdan subut edildi. Birlenji metabolitlerden tapawutlylykda, ikilenji metabolitler hemme ösümliklerde bolmaýar hem-de olar her ösümligiň biologik we biohimiki aýratynlyklaryny ýüze çykarýar.

Gurbanmyrat MEZILOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory.