Kiçi çille

24 Ýanwar 2021
1360

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir.

Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Öwezgeldi ARTYKOW,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.