Tebigatyň goragynda ylmy çemeleşmeler

22 Ýanwar 2021
1292

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ähli ugurlar boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty depginli ösdürilýär. Bu pudaklarda ülkämiziň gözel tebigatyny, ynsan saglygy üçin zerur bolan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şyhsoltan SÜLEÝMANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa hünäriniň talyby.