Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

22 Ýanwar 2021
1147

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri.

Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Begmyrat GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň başlygy.