Sungata siňen ömür

21 Ýanwar 2021
1098

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys.

Milli sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, halypalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri dowam etdirmäge hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri barha rowaçlanýar. Milli medeniýetimiziň synmaz sütüni bolup durýan teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr». Türkmen teatr sungatynyň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine, has-da kämilleşip belent derejelere ýetmegine mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyz ýagşylykda ýatlanýar. Ine, şeýle halypalarymyzyň biri-de türkmen teatr sungatynda öçmejek yz goýan Galpak Herräýewdir. Ol Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde dünýä inip, başlangyç bilimi oba mekdebinde alypdyr. Onda artistçilik ukyby çagalykdan duýlupdyr. Şol wagtlar oba klublarynda ýörite kino görkezilýär eken. Galpak Herräýew bu habary eşidip diýseň begener eken. Ol ekranda görýän zatlaryna şeýle bir ünsli tomaşa edip, kino gutaryp öýüne baransoň, gowy gören gahrymanlarynyň keşplerini gaýtalap, olara öýküner eken.

Arzuw GARATAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.