Ýaşyl zümerret

21 Ýanwar 2021
2309

Danalaryň wesýetlerinde: «Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň» diýilýär. Näme üçin ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda zümerret daşyna aýratyn üns berildikä?! Megerem, zümerret daşynyň ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda iň owadany hem seýrek duş gelýändigi üçindir?! Bu daşyň owadanlygyna söz ýok. Ol ýaşaýşy suratlandyrýan ýaşyl reňkde. Gün şöhlesiniň ýagyş damjalaryna düşüp, ýaldyrap duran älemgoşaryň al-ýaşyl reňklerini äleme dolduryşy ýaly, zümerret daşynyň şuglasynda-da giň jahanyň bir pursatlyk özüni suratlandyrmasyny görmek bolýar. Onuň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňki, ylla diýersiň, dünýä gözelliklerinden gözbaş alyp gaýdýan ýaly. Ýaşyl reňk göze ýakymly, ruhy dünýäňi sazlaýar.

Alymlar bu daşa uzak wagtlap seretseň, ýadawlygyňdan nam-nyşan galmaýar diýip hasaplaýarlar. Ol gözüň görşüne oňat täsir edýär.

Aýimjan BAÝRAMOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.