Ruhubelentlige beslenen dabara

20 Ýanwar 2021
1132

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde baýram edilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýokary derejeli maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýokary harby okuw mekdebimiziň harby talyplarynyň gatnaşmaklarynda şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde «Watan goragy — mukaddes borç» atly maslahat we aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Watan goragynyň mukaddesligini giňden wagyz eden bu dabaranyň dowamyda baýramçylyk mynasybetli has tapawutlanan harby talyplaryň birnäçesi Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

«Hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyz Garaşsyz döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Milli goşunymyz parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbidine halkymyzyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzda öz beýanyny tapýar» diýip, dabarada çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.

Kerim MYRADOW,
uly leýtenant.