Ömrüň manysy

20 Ýanwar 2021
1109

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» atly bölüminde «Ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda» diýlen jümle bar. Diňe bir şu jümläniň özi hem ata Watanymyzda asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürmeginiň ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajak egsilmez baýlykdygyny aňladýar. Şeýle hem bu kitaby eline alyp, okap başlan islendik okyjynyň bar ünsüni özüne çekýän bu ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlar, öwüt-nesihatlar diňe bir halkymyz üçin däl-de, tutuş dünýä ýüzüniň halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, abadan durmuşda ýaşamaga çagyryşdyr.

Her bir ynsanyň dünýä inip, göbek ganynyň daman topragy, howasyndan dem alyp kemala gelen mekany hasaplanýan Watanynyň öňünde öz perzentlik borjuny ödemegi ata-babalarymyzyň döredip giden mukaddes ýörelgeleriniň özenidir. Şol mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýarlyk eýýamymyzda ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp eser gymmatly gollanmadyr. Kitabyň ady agzalan bölüminde ata Watanyň gymmatlygy, ene topragyň keramatlydygy baradaky rowaýatlaryň ençemesi yzygiderlikde ýerleşdirilipdir. Şeýle alyp göreniňde, bu rowaýatlar bir-biriniň dowamy ýaly görünse-de, olaryň her biri özbaşyna bir taryhdyr. Bu rowaýatlary bitewileşdirýän zat bolsa olarda beýan edilýän wakalaryň ählisinde Watana ygrarlylyk, ene topragy jandan söýmek baradaky pikirleriň jemlenmegidir.

Durdyguly AMANGELDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Bäherden şäherindäki 23-nji orta mekdebiň mugallymy.