Köpetdag — täsinliklere baý mekan

20 Ýanwar 2021
1785

Türkmen — Horasan daglarynyň demirgazyk şahasy bolan Köpetdagyň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Dagyň eňňitlerinde we jülgelerinde ösümlikleriň 1500-e golaý görnüşi ösüp, olardan 300-si diňe şu ýerlerde duş gelýär. Olar barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow şeýle gürrüň berýär:

— Gojaman Köpetdag tebigy özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň köp bölegi gurak subtropiki howa zolagynda ýerleşýär. Dagyň landşafty, esasan, daşly dag ulgamyndan, meýdanynyň ujypsyz bölegi bolsa toýunsow dag pesliginden ybaratdyr. Sebitdäki uzynlygy we çuňlugy dürli-dürli bolan dag jülgeleriniň köpüsinde ýylboýy akýan suw akabalary bar. Bu bolsa ýerli ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär.