Heýkeller dünýäsinde

20 Ýanwar 2021
1603

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda heýkeltaraşlyk sungaty hem pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň çar künjüni Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly geçmişinden, bagtyýar şu gününden söhbet edýän ajaýyp heýkeller bezeýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň zehininden dörän heýkeller hem görnükli orun tutýar.

Heýkel diýmek gaýrat diýmek bolsa gerek. Heýkeli döredilýäniňem, ony döredijiniň hem gujur-gaýratynyň artyk bolmagy, megerem, bu sungatda ilkinji şert bolsa gerek. Olar hem özünden öňki halypalardan görelde alandyrlar. Elbetde, ýene olaryň gaýratyndan! Bu pikirler halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradow bilen söhbetdeşlikden soň döredi. Elbetde, bilşimiz ýaly, gaýrat düşünjesine bolsa erjelligem, zähmetsöýerligem, sungata wepalylygam — ählisi girýär.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW.