Türkmenistan — Owganystan dostlugyň medeni kökleri

19 Ýanwar 2021
1102

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen gojaman Jeýhunyň boýuny bezäp oturan gadymy Lebapda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň aralygyndaky 30 kilometr demir ýolunyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt elektrik geçirijisiniň we «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi ýüreginde aýdym, dilinde dessan, kalbynda bossan edip ýaşaýan bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny püre pürledi. Çünki goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň ak asmanyny türkmen energetikasynyň nurlandyryp başlamagy, Beýik Ýüpek ýolunyň sakasyndaky Çynma-Çyna türkmen gazynyň iberilmegi diňe bir bu dostlukly ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş Gündogar sebitiniň taryhy üçin şanly waka öwrüldi. Munuň özi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň baştutanlygynda aragatnaşyk, ýol, energetika we nebit-gaz ulgamlaryndaky özgerişleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda giň gerimli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açdy, durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak üçin ajaýyp şertleri döretdi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.