Küýzegärler maşgalasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş medeniýetimize içgin belet hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gadymy milli mirasymyz çuňdan öwrenilýär. Özboluşly aýratynlygy bilen her bir adamyň ünsüni özüne çekýän gadymy milli senetçiligimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebap many-mazmun bilen baýlaşyp, täzeden kemala gelýär. Irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan şeýle ugurlaryň biri hem küýzegärçilikdir. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-güzeran durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan, ýokary ukyp-başarnygy hem ezber çeperçiligi talap edýän küýzegärçilik senedi içgin öwrenilmäge hem ýaýradylmaga mynasyp.