Jadyly senediň aşygy

14 Ýanwar 2021
1288

Balhy tutdan dutara gapak goýsaň, sesi batly ýaňlanýar. Beýle dutar bagşylara laýyk gelýär. Sebäbi bagşy aýdym aýdanda, owazy dutaryň sesi bilen sazlaşýar. Peýwendi tutdan gapak goýsaň, sazyň sesi näzik we pessaý bolýar. Beýle saz guralda diňe sazandalar saz çalsa, heňi süýji bolýar.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýandygyna garamazdan, halkymyzyň ruhy dünýäsi bilen bagly bu milli senetçilik ýörelgeleri häzirki eşretli döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär. Edil saçak, çörek, tamdyr ýaly dutar hem her bir türkmen öýünde maşgala mukaddesligi hökmünde aýalyp saklanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň goşa tarly gudratynyň waspy jahana dolup, bagşy-sazandalar toý döwresiniň bezegi hasaplanýar. Bu milli senetçilik ýörelgesini dowam etdirýän ildeşlerimiziň döredijilik dünýäsi gyzykly hem täsirli.

Mahym ROZYÝEWA,
žurnalist.