Ýaş zehiniň döredijilik dünýäsi

14 Ýanwar 2021
1592

Çagalar, hormatly Prezidentimiz siziň gowy okap, bilim almagyňyz, şeýle hem okuwdan daşary ukyp-başarnyklaryňyzy artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy ýaly döredijilik bäsleşikleri ýylyň-ýylyna geçirilýär. Hemme welaýatlaryň etrap merkezlerinde, obalarda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri hereket edýär. Olara çagalar mekdepden daşary öz zehinlerini artdyrmak üçin, uly höwes bilen gatnaýarlar. Ýaşlykdan döredijilik, sungat dünýäsine aralaşyp, öz ýoluny tapýan zehinli ýaşlary göreniňde buýsanjyň artýar. Ine, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Ataýew hem zehinli ýaşlaryň biri. Täze ýylyň başlanmagy Mekana üstünlik getirdi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek joşgunyny şeýle beýan etdi:

— Maşgalamyz aýdym-saz bilen meşgullanýar. Kiçiligimden kakamyň aýdýan aýdymlaryny diňläp, aýdym aýtmagy höwes edýärdim. 2-nji synpda aýdym aýtmaga başladym we mekdeplerde geçirilýän dabaralara yzygiderli gatnaşyp, aýdymlarym bilen çykyş etdim. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Baş arçamyza gatnaşyp, ol ýerde-de aýdym aýtmak bagty miýesser etdi. Maşgalamyzda jigim Mukam fleýta we dep, Medet bolsa fortepiano saz guralyny çalýarlar. Mukam hem geçen 2020-nji ýylda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Öýümizde bize kakamyz halypalyk edýär we sungata bolan höwesimizi artdyrmakda ýardam berip durýar.