Ýetilen sepgitler täze maksatlara badalga

13 Ýanwar 2021
1226

Berkarar Watanymyz täze ösüşleriň, özgerişleriň taryhy ýoluna ugur alyp, belent sepgitleri nazarlaýar. Geçen 2020-nji ýyl hem uly ösüşleriň, özgerişleriň, belent sepgitlere ýetilen buýsançly ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her ýylda harby we söweşjeň taýýarlygy dürli ugurlar boýunça ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşikleri yglan etmegi merdana harby gullukçylarymyzyň Watan goragyna ygrarlydyklaryny aýdyň subut edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemleri we şeýle bäsleşikleriň netijeleri hasaba alnyp, maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş dolandyryş bölüminiň Inžener goşunlary müdirliginiň harby bölümleriniň arasynda «Iň gowy harby bölüm» adyna eýe bolmagy merdana Watan goragçylarymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, täze okuw ýylyna batly depginler bilen başlamaga höwes döretdi.

Harby bölümde turuwbaşdan belent maksat goýlup, şol maksada ýetmek üçin işler batly depginler bilen ýola goýuldy. Gumanitar we söweşjeň taýýarlygy boýunça okuw sapaklary ýokary guramaçylykly guraldy. Ýaş Watan goragçylary bilen terbiýeçiler, psihologlar tarapyndan yzygiderli işler geçirilip, beden taýdan berk, sagdyn harby gullukçylary taýýarlamakda sport bäsleşikleri, beden taýýarlygy boýunça usuly-amaly sapaklar geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň düzgünlerini, sanitar arassaçylyk işlerini yzygider alyp barmak, harby gullukçylaryň saglyk ýagdaýlaryna seretmek üçin harby bölümiň saglyk nokadynda ähli şertler döredildi. Harby gullukçylaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirip, döredijilik agşamlary, çeper okaýyşlary yzygiderli guraldy.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.