Biz — bagtyýar nesiller

13 Ýanwar 2021
1330

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleri täze-täze üstünliklere höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär, zehini bilen tapawutlananlar ýokary derejeli sylaglara mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem şeýle arzyly sylaglaryň biridir.

Ýakynda çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabaralary bolup geçdi. Welaýatymyzdan hem birnäçe zehinli çaga bu sylaga eýe boldular. Biz olaryň ýürek buýsançlaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.