«Buz eýýamy»

13 Ýanwar 2021
1664

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde mawy ekranlarda hem bu pasyl bilen bagly filmler ýaýlyma berilýär. Bu, esasan hem, multfilmlerde şeýle. «Walt Disney», «Blue Sky», «Pixar» ýaly animasiýa filmlerini döreden studiýalar gyş pasly bilen bagly birnäçe multfilmleri çagalara hödürleýär. Ynha, şolaryň hatarynda «Blue Sky» studiýasy tarapyndan döredilen «Buz eýýamy» multfilmi hem körpeleriň köňül küýsegine öwrüldi.

Mähriban çagalar! «Buz eýýamy» multfilmi size tanyş bolsa gerek. Çünki bu multfilm indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri mawy ekranyň üsti bilen dünýäniň dürli künjegindäki çagalara ýetirilýär. Gülküli wakalary özünde jemleýän bu multfilm 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine ilkinji gezek ýaýlyma berilýär. Dowamlylygy 81 minuda barabar bolan bu multfilm ilki iňlis dilinde görkezilýär. Wagtyň geçmegi bilen «Buz eýýamy» multfilmi dürli dillere terjime edilýär. Onuň ilkinji bölümi kino synçylaryň öwgüsine mynasyp bolýar. Bu bolsa, režissýorlarda multfilmiň nobatdaky bölümlerini döretmäge uly hyjuw berýär. «Buz eýýamy» multfilmi kino äleminiň iň abraýly sylaglarynyň biri bolan 75-nji Oskar baýragyna mynasyp bolýar. Mundan başga-da, multfilme birnäçe abraýly baýraklar gowşurylýar. «Buz eýýamy» multfilminiň ilkinji bölümi körpeler tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Multfilm 5 bölümden ybaratdyr. Animasiýa döredijileri multfilmiň 6-njy bölümini 2022-nji ýylda körpelere ýetirmegi maksat edinýärler.

Merjen SAPARGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.