Waspy dillerde dessan

13 Ýanwar 2021
1472

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan ýylyň ilkinji wagtlaýyn sergisi «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.

Muzeý bu sergini welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Soňky döwürde bu iki medeni ojagyň arasynda bilelikdäki sergileri guramak asylly däbe öwrüldi. Olaryň geçen ýyl hem bilelikdäki sergileriň birnäçesini gurandygyny habar beripdik. Şu gezekki sergi hem şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.