Magtymgulynyň ruhy beýikligi

12 Ýanwar 2021
1522

Tatar dilinden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky jemgyýetçilik, ykdysady hem medeni baglanyşyklar soňky ýyllarda gitdigiçe ýygjamlaşýar. Prezidentimiz Rustam Minnihanowyň Türkmenistana resmi iş sapary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana resmi sapary, Onuň Tatarystanyň Prezidenti bilen, ilkinji Prezidentimiz Mintimer Şaýmiýew bilen doganlarça duşuşyklary, pikir alyşmalary döwletleriň ikisi üçin-de ýatdan çykmaz taryhy wakalar boldy. Aşgabatda tatar medeniýetiniň günleri geçirildi, Kazanyň Halklar dostlugy köşgünde tatarystanly jemagatyň gatnaşmagynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat bolup geçdi. Bularyň hemmesi iki halkyň gadymdan gelýän ruhy doganlygynyň anyk subutnamasydyr.

Robert MÜŇGÜLLIN,
filologiýa ylymlarynyň doktory, Tatarystanyň halk şahyry.