Edep-ekramyň gözbaşy

11 Ýanwar 2021
2886

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli terbiýeçilik mekdebimiz ýaş nesli watançylyk ruhunda kemala getirmek üçin esasy ýörelgedir. Bu terbiýeçilik mekdebinde hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladan ata-babalarymyzyň ajaýyp nusgalyk häsiýetleri orun alandyr. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen danalarymyzyň pähimlerinde nygtalyşy ýaly, biziň ene-mamalarymyz çagany dünýä inen ilkinji günlerinden başlap terbiýelemegi dogry hasap edipdirler.

Asyrlaryň synagyndan geçen milli terbiýe mekdebinde ýaşlarda ahlak edep kadalarynyň kemala gelmegi bilen bir hatarda, olaryň ykbalyna täsir etjek zehinini açmaga-da üns beripdirler. Çünki has ir döwürlerde-de çaganyň basyrylgy tebigy zehinini oýunlaryň üsti bilen açmaklyk asylly ýörelgä öwrülipdir. Bäşdaş, bukuldym, topargaçdy, gurjakgoş ýaly oýunlar nesil terbiýesiniň jogapkärçilikli tarapyny açyp görkezýär.

Güljan DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.