Guşlaryň täsinlikleri

8 Ýanwar 2021
2517

Berkarar döwletimiziň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen daşky gurşawy goramak, halkyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek döwletiň strategik ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda daş-töweregi goramak we ekologik maksatly çäreleriň alnyp barylmagy — Hazar deňziniň kenarynda „«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Garagumuň jümmüşinde „«Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, guşlaryň, toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň baş sanynyň artmagyna, käbirleriniň öňki ýaşan ýerlerine täzeden gaýdyp gelmeklerine we janly-jandarlara ýaşamaga, köpelmäge tebigy şertleri döredýär. Olar özleriniň gözelligi, täsinligi we tebigy aýratynlyklary bilen ildeşlerimiziň we bize gelýän jahankeşde myhmanlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak, onuň tebigy sanyny köpeltmek dogrusynda Türkmenistanyň kanunlaryny, maksatlaýyn ýerine ýetirmek işleri durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň biodürlüliginiň baýdygy ýurduň geografik ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, onuň haýwanat dünýäsiniň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki günde biziň ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, şolardan iň köpi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlar 410 görnüşden ybaratdyr. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alnan. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä olaryň käbiri oturymly ýaşaýar, käbirleri höwürtgeleýärler, ýene birleri bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler. Suwly ýere mahsus guşlar Guşgy we Tejen derýalarynyň kenarlarynda we Ýeroýlanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Olaryň höwürtgelemegi üçin şertler, iýmit ätiýaçlygy ýeterlikdir. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, mazar garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar.