«Liwerpulyň» täze tälimçisi Arne Slot özboluşly netije bilen taryha girdi. Has takygy, ol toparyň halypasy hökmünde deslapky 24 oýunda 20 ýeňiş gazandy, 3 gezek deň oýnady hem-de 1 gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýlelikde, niderlandly hünärmen futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň ýokary diwiziýonynda çykyş edýän toparlaryň tälimçileriniň arasynda 20 ýeňşe iň çalt ýetmekde 1888-1889-njy ýylda goýlan rekordy gaýtalady. Şol möwsümde «Prestonyň» halypasy Uilýam Sadell hem topary bilen 24 oýunda 20 ýeňiş gazanmagyň hötdesinden gelipdir.